Amerikan delegasiýasy Bişkek saparyny jemledi

Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uiliýam Börns tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýokary derejeli amerikan delegasiýasy şu gün özüniň Gyrgyzystana eden iki günlük saparyny jemledi.

Börns 6-njy gün gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakiew bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň esasy temasy Owganystan hem Merkezi Aziýa howpsuzlygy, Owganystandaky terrora garşy operasiýalar, gyrgyz-amerikan söwda we ykydsady gatnaşyklary barada boldy.

Börns gyrgyz hökümetine ABŞ-nyň Owganystana iberýän parahatçylyk maksatly ýüklerini geçirmäge rugsat berýän şertnama gol çekeni üçin prezident Barak Obamanyň adyndan sag bolsun aýtdy.