Medwedew hökümetden daşary guramalar baradaky kanuna gol goýdy

Düyn Kremliň beren habaryna görä, prezident Medwedew hökümete degişli däl guramalar baradaky düzgünleri ýeňilleşdirýän kanuna gol goýdy.

Şol kanuna düzedişler 3 ýyl mundan owal girizilipdi. Oňa laýyklykda, guramalaryň öz işleri we fondlarynyň çeşmeleri barada jikme-jik maglumat bermegi talap edildi. Şeýle-de kanun Orsýetiň “milli bitewiligine, medeni mirasyna howp salan wagtynda şol guramalary ýapmaga hökümete rugsat etdi.

Medwedew bu kanuna düzedişler girizmegi teklip etdi we ol prezidentiň tarapdary bolan parlamentde kabul edildi.