Rumyniýanyň prezidenti Aşgabada resmi sapara barýar

Şu gün Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada resmi sapara barýar.

Rumyn prezidentiniň Aşgabatda geçirjek ýokary derejeli gepleşiklerinde diňe bir türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri barada däl-de, eýsem, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleriniň çäklerinde-de gürrüň ediler diýlip garaşylýar.

Bu saparyň öňýany Aşgabatda türkmen-rumyn hökümetara komissiýasynyň ilkinji maslahaty geçirilip, onda iki ýurduň hökümet agzalary we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary özara hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bular Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.