ABŞ-niň ýörite wekili Damaska barar

Şu gün ABŞ-niň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jordj Mitçel Siriýanyň resmileri bilen gepleşikler geçirmek üçin Damaska barar. Döwlet Departamentiniň habaryna görä, Mitçel Siriýanyň resmileri bilen ikitaraplaýin meseleler barada gürrüň eder. Geçen birnäçe aýda Mitçel ikinji gezek Siriýa sapar edýär. Prezident Obama Siriýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar.