Inguşystanda 21 polisiýa işgäri heläk boldy

Düýn Inguşystanda ölümine kaýyl bolanyň hüjüminde heläk bolan adamlaryň sany 21 adama barabar boldy.

Heläk bolanlaryň hemmesiniň polisiýa işgärleridigi habar berilýär. Bu wakada 140-den gowrak adamyň ýaralanandygy hem aýdylýar.

Bu iş boýunça derňew geçirýän sülçileriň beren maglumatlaryna görä, düýn 17-nji awgustda 2 sany janyndan geçen hüjümçi minalanan ulag bilen milisiýanyň binasynyň derwezesinden urduryp giripdir.

Bu waka bilen baglanşykly Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Inguşystanyň Içeri işler ministerini wezipesinden boşatdy. Ýurtda 3 günlik matam yglan edildi.

Bu waka bilen baglanşykly ABŞ hem-de ÝB Orýetiň halkyna we hökümetine gynanç bildirdiler.