Berdimuhamedow Bolgariýa saparyny tamamlady

Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy.

Gepleşiklerden, duşuşyklardan soň, diplomatik hem gulluk pasporty bolanlara iki ýurt arasynda wiza düzgünini ýatyrmak barada hem-de turizm pudagynda türkmen we bolgar hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barada hökümetara ylalaşyklara gol çekilipdir.