Moldowanyň täze parlamenti öz işine başlaýar

Moldowanyň täze saýlanan parlamenti şu gün öz işine başlaýar.

Parlamentiň birinji mejlisinde onuň ýolbaşçylary belli ediler. Soňy bilen ýurduň prezidentinem, hökümet başlygynam parlament saýlamaly.

8 ýyllap ýurda ýolbaşçylyk eden Kommunistik partiýa 29-njy iýulda geçirilen saýlawlarda parlamentdäki köplügini ýitirdi. Dört oppozision partiýa “Ýewropa integrasiýasy üçin” diýen alýansy döretdi. Ýöne olaryň öz arasynda parlamentiň täze başlygy hem premýer-ministr wezipelerine kandidatlar meselesinde ylalaşyga gelendigi häzirlikçe belli däl.

Moldowanyň täze prezidentini saýlamaly bolanda weli olara kommunistleriň bir böleginiň sesini almak gerek bolar.