Türk harbylary pitneçilere garşy mandatyny uzaltmak isleýär

Türkiýäniň harbylary özleriniň demirgazyk Yrakdaky kürt pitneçilerine garşy harby operasiýalary baradaky mandatlarynyň uzaldylmagyny talap edendiklerini aýtdylar.

Bu mandat parlament tarapyndan ilkinji gezek 2007-nji ýylda tassyklanypdy we demirgazyk Yrakdaky Kürdüstan Işçiler partiýasyna garşy serehetaşa operasiýalaryny geçirmäge berýär. Häzir gatnaşyklary gowulanan hem bolsa, Türkiýäniň demirgazyk Yrakdaky harby hereketi Bagdat bilen Ankaranyň gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrypdy.