Filippin harbylary musulman jeňçileriniň bazasyny eýeledi

Filippin harbylary hepde ahyrynda bolan gazaply söweşlerden soň Jolo adasyndaky musulman pitneçileriniň esasy bazalaryny eýeländiklerini aýdýar.

Regional komandir Abu Saýýab jeňçileriniň 19-synyň öldürilendigini aýdýar. Harbylar bu çakynyşykda 200 çemesi jeňçi bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.