Obama ysraýyllylary we palestinalylary gepleşikleri gyssagly dikeltmäge çagyrýar

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ysraýylyň we Palestinanyň liderlerini gyssagly hereket etmäge we hemmetaraplaýyn ylalaşyk gazanmaga, şol sanda Palestin döwletiniň döredilmegine niýetlenen parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmäge çagyrdy.

Obama bu sözleri Nýu-Ýorkda, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we palestin prezidenti Mahmut Abbas bilen üç taraply gepleşik geçirenden soň aýtdy.

Obama ysraýyllylardan we palestinalylardan gepleşikleri ilerletmek üçin geljek hepde öz araçylaryny ibermeklerini sorandygyny aýtdy.