Berdimuhamedow orsýetli gubernatory kabul etdi

Düýn Türkmenistanyň prezidenti Orsyet delegasiýasyna ýolbaşçy bolup, Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Walentina Matwienkony kabul etdi.

Türkmen topragynda mähirli garşylanmagyna minnetdarlyk bildirip, myhman BMG- niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna gatnaşmagy hem ol ýerde wise-başlyk bolmagy bilen Berdimuhamedowy gutlady.

“Türkmenistan mundan beýläk hem Orsyetiň regionlary, uly senagat we medeni merkezleri, şol sanda Orsyetiň demirgazyk paýtagty bilen göni gatnaşyklary ösdürmekçi” diýip, Türkmenistanyň prezidenti aýdypdyr.