Päkistan ABŞ-dan uzak möhletli arka gözleýär

Päkistanyň daşary işler ministri Şah Mehmud Kureşi Waşingtona saparynyň dowamynda Birleşen Ştatlary Päkistanda, goňşy Owganystanda we tutuş Günorta Aziýa sebitinde durnuklylyga we ykdysady ösüşe uzagyndan arka durmaga çagyrdy.

Sişenbe güni Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşykdan soň çykyp gürlän Kureşi Birleşen Ştatlaryň ozal, 1989-njy ýylda sowet güýçleri Owganystandan çykandan soň ony taşlaýşyny ýatlap, geçmişden sapak almaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlar bu sebite arka durmak üçin sentýabryň aýagynda Päkistana berilýän harby däl kömegi üç esse artdyrmagy, ýagny geljek 5 ýylda her ýyl 1.5 milliard dollarlyk kömek bermegi karar etdi.