Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahaty boldy

Şu gün Hytaýyň paýtagtynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde ykdysady krizis döwri edilmeli işler barada maslahatlaşyldy.

Bu gurama Hytaý, Orsýet, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan hem Özbegistan ýaly ýurtlar girýar.

Mongoliýa, Hindistan, Eýran, hem Päkistan ýaly ýurtlaryň wekilleri synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao sammitde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, global maliýe krisisi zerarly dörän kynçylyklary çözmek hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmek ugrunda edilmeli işlere garalandygyny aýtdy.

Sammite myhman hökmünde gatnaşan Owganystanyň meseleleri barada hem pikir alşyldy diýlip, maglumat berilýär.