Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Serbiýa barar

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew söwda-ykdysady gepleşikler geçirmek üçin hepdäniň ikinji güni Serbiýa barar.

Gepleşikleriň gün tertibinde Orsýetiň öň wada beren bir milliard ýewro möçberindäki krediti, şeýle-de energetika we transport meselelelerinde hyzmatdaşlyk bar.

Serbiýada gaz ammaryny gurmaga, planlaşdyrylýan “Günorta akym” turbasyndan serb şahasyny çekmek mümkinçiligine orsýetli inwestorlaryň geljegi uly gurluşyklar hökmünde garaýandygy habar berilýär.