Frans-Press agentliginiň Eýrandaky habarçysy tussag edildi

Düýn Eýranda geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalar wagtynda Frans-Press habar agentliginiň ýerli habarçysy Farhad Pouladiniň tussag edilendigi barada maglumat alyndy.

Frans-Press habar agentligi Farhad Pouladiniň düýn Tährandaky demonstrasiýalar barada reportaž taýýarlaýan wagty hökümet güýçleri tarapyndan tutulyp, alnyp gidilendigini habar berdi. Maglumatda häzirki wagt onuň niredediginiň belli däldigi aýdylýar.