Belarus oppozisiýasy YB bilen ýakyn gatnaşyklara çagyrýar

Belarus oppozisiýasynyň agzalary Minskä ýygnanyp, Ýewropa Bilelişigi bilen has ýakyn gatnaşyk gurulmagy üçin «Ewropa forumyny» geçirýärler.

Fransiýanyň AFP habarlar gullugy Ýewropa tarapdar ýüzlerçe adamyň Ýewropa Bileleşiginiň baýdagyny göterip, paýtagta ýygnanandygyny habar berdi.

Bu ýygnanyşyk Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlarynyň geljek hepde Minskide bolmaly duşuşygynyň öňünden geçirilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlarynyň Belarus bilen hyzmatdaşlygy has giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.