ÝB: «Orsýetiň adam hukuklary ýagdaýy alada döredýär»

Şwesiýanyň premýer ministri Fredrik Reýinfeldt şu gün Orsýetiň adam hukuklary ýagdaýy aladalaryň artmagyna sebäp bolýar diýdi.

Şwesiýa häzir ÝB prezidentlik edýär we Reýnfeldt bu beýanaty Stokgolmdaky ÝB-Orsýet sammitiniň yzy bilen etdi.

Reýnfeldt rus prezidenti Dmitriý Medwedew, Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Hoze Manuel Barroso, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Hawiýer Solana dagy bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.

«Biz Orsýetde adam hukuklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny, demokratiýany ilertletmek hakynda pikir alyşdyk. Hususan-da Orsýetde adam hukuklaryny goraýjylaryň ýagdaýy barada gürrüň etdik. Bu aladalaryň köpelmegine sebäp bolýar» diýip, Şwesiýanyň premýer ministri aýtdy.