Aýdymçy Uander BMG-nyň parahatçylyk ilçisi boldy

Amerikan aýdymçysy we sazandasy Stiwen Uander penşenbe güni BMG-nyň parahatçylyk ilçisi boldy.

Doga kör, 59 ýaşly Uander köp ýyllar bäri ynsanperwerlik işleri bilen meşgullanýar. Ol BMG- nyň ençeme programmasy boýunça mundan beýläk hem maýyplara kömek berjekdigini aýtdy.

“Parahatçylyk ilçisi” diýen dereje parahatçylyk dörediji, gumanitar we haýyr-sahawat işlerinde BMG-na ýardam edýän görnükli sungat işgärlerine, sportsmenlere berilýär.

Geçmişde bu derejä ýayzyjy Eli Wizel, Paulo Koelo, akter Jorj Kluni, sportsmen Muhammet Ali, Mejik Jonson we başgalar mynasyp bolupdy.