Ärdogan Türkiýäniň Owganystana goşun ibermejekdigini habar berdi

Düýn Türkiýäniň premýer ministri Ärdogan öz ýurdunyň Owganystana goşun ibermejekdigini habar berdi.

Ol bu barada Barak Obama bilen duşuşmak üçin Waşingtona ugramazdan owal aýtdy.

Türkiýe owgan güýçlerini türgenleşdirmek baradaky häzirki rolyny saklar. Ankara hiç bir haýyşsyz Owganystandaky harby kontingentini eýýäm, iki esse köpeldip, 1750-ä ýetirdi - diýip Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy.

Geçen hepde prezident Obama 30 müňden gowrak amerikan goşynyny Owganystana ýollajakdygyny yglan etdi.

Waşington NATO-daky beýleki ýaranlarynyň hem özüne eýermegini isleýär.