Köp aýallylyk Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda SSSR dargandan soň giň ýaýrap başlady diýilýär.
Bu barada entek resmi statistiki maglumatlar berilmeýär.Ýöne soňky ýyllarda Täjigistanyň hem-de Gazagystanyň parlamentlerinde köp aýallylygyň kanuny bolmalydygy barada käbir teklipler berildi. Emma parlamentiň deputatlary ony kabul etmediler. Gazagystanda köp aýallylyk Täjigistanda bolşy ýaly jenaýat hasaplanmaýar.