Berdimuhamedow Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi

Düýn Türkiýäniň energetika ministri Taner Ýyldiz Türkmenistandan Eýrana gaz akdyrjak goşmaça turbanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana bardy.

Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan kabul edilen türk ministry Taner Ýyldiz bu duşuşykda Ankaranyň-da türkmen gazyna uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Taner Ýyldiz düýn Türkmenistanyň tebigy gazyny ulanmak we dolandyrmak baradaky Döwlet Gullugynyň ýolbaşçysy Ýagşygeldi Kakaýew bilen hem duşuşdy.

Türkmen mediýasynyň maglumatyna görä, Kakaýew şol duşuşykda gaz eksportyny köp ugurly etmek arkaly, türkmen gazynyň Türkiýä hem akdyryljakdygyny mälim edipdir.