«Gazpromyň» döwri geçdimi?

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň geljegi we onuň maliýe ýagdaýy dogrusynda dürli garaýyşlar orta atylýar. Waşingtondaky “Woodrow Wilson” merkeziniň eksperti Stasy Klosson öz kommentariýasynda häzirki ýagdaýlarda 1970-nji ýyllaryň alamatlaryny görýändigini aýdýar.
Edil 18 aý mundan ozal Orsýet “Gazpromyň” geljeginiň ýagtydygyny we onuň maýa goýumynyň 2015-nji ýyla çenli 1 trillion dollara barabar boljakdygyny hem-de Nýu Ýorkuň biržasynda aksiýalarynyň alyş-çalyş ediljekdigini öňe sürüpdi.

Ýöne häzir ýagdaý düýbünden başgaça. Kompaniýanyň alýan arassa peýdasy 2009-njy ýylyň ilkinji iki kwartalynda takmynan ýarpy çemesi pese gaçdy. Şirketiň agalygyny dowam etdirmäge böwet bolýan birnäçe çynlakaý faktorlar bar.

Medwedewiň aladalary

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew noýabr aýynda Federal geňeşinde eden ýyllyk çykyşynda ýurduň ykdysadyýetiniň gazdan gelýän girdejä bagly edilmeginiň soňuna çykylmalydygyny nygtady. Ol şeýle-de ykdysadyýetiň 10 prosent peselendigini mälim edip, Orsýet çig malyny ownuk hem az netije berýän pudaklara sarp etmekden çeke durup, onuň ýerine tehnologiýa sektorynyň ösüşini tizleşdirmeli diýdi.

Orsýetiň prezidentiniň çykyşy bilen bir wagtda Halkara Energiýa Agentligi-de ýyllyk raportyny ýaýratdy. Şol raportda gaz öndürilişiniň gereginden artyk tizlik bilen artýandygy, munuň hem geljek 10-12 ýylda gazyň bahasynyň azalmagyna getirjekdigi aýdylypdy.

Islegler we mümkinçilikler

Ýewropa gerek boljak gazyň geljekdäki möçberi-de Orsýeti uly alada goýýan meselelerden biri. Sanlar Orsýetiň uly müşderileriniň gaza bolan isleginiň azalýandygyny görkezýär. 2020-nji ýyla çenli onuň 20 prosent töweregi peseljekdigi çak edilýär.

Geçen gyşda Kremliň syýasy ýalňyşlyklary esasynda “Gazprom” Ýewropa akdyrýan gazyny kesipdi. Şol bir wagtda-da Orsýet iki sany täze geçiriji arkaly Ýewropa 110 milliard kubometr gazy akdyrmagy planlaşdyrýar. Ýewropa bolsa muňa alternatiw hökmünde Hazar deňzinden we Ýakyn gündogardan gaz almagy niýet edinýär.

Ýöne Orsýetiň geljekde halkara bazarlaryny gaz bilen üpjün etmek ukyby sorag astynda durýar. Muňa bu pudaga ýolbaşçylyk etmekdäki geleňsizlik, gaz geçirijileriniň ýetmezçilik etmegi, tehnologiýanyň hem maýanyň ýetmezçiligi, şeýle-de ýerli gaz bazaryndaky monopol agalyk sebäp bolýar.

Orsýetiň Ýewropany gaz bilen üpjün etmeginde uly rol oýnap gelýän Merkezi Aziýa döwletleri bolsa indi ýüzüni Gündogara öwrüp, Hytaýa we Eýrana gaz satyp başladylar.

Orsýet hem Aziýa regionyna gaz berjekdigini aýdýar. Maglumata görä, gaz geçiriji turbalary çekmek üçin Hytaýdan karz pul hem gelip gowşupdyr. Ýöne Hytaý gaz üçin Ýewropa ýurtlary ýaly baha tölemez. Oňa gerek bolan gaz hem gündogar Sibirdäki üsti açylmadyk ýataklary özleşdirmek bilen üpjün edilip bilinjek.

Orsýet ýorganyna görä aýak uzadýarmy?

Gün tertibinde duran enegiýa pudagyny ýaýbaňlandyrmak wezipesine-de Orsýetiň nädip hötde geljegi anyk däl. “Gazprom” bolsa halkara energiýa proýektlerine, hatda ABŞ-nyň bazarlaryna aralaşmak üçin milliardlarça kubometr gaz berip biljekdigini tassyklaýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, energiýa babatynda Orsýetiň 2030-njy ýyl üçin göz öňünde tutýan strategik planynda rus kompaniýalarynyň tölegleri esasynda ýurt möçberinde bu pudaga 2 trillion 1 milliard dollar maýa ýatyryljakdygy aýdylýar.

Bu meselede taryh ýene gaýtalanýan ýaly bolup görünýär. 2010-njy ýyllarda Orsýete edil 1970-nji ýyllardaky Sowet Soýuzynyň ykbaly garaşýar. Şol döwürde nebit ýataklaryny aşa ulanmak, üstesine-de global derejedäki energiýa krizisi 80-nji ýyllaryň başlarynda sowet ykdysadyýetini garaşylyşyndan has yza tesdiripdi. “Gazpromyň” öz gerimini giňeltmek baradaky bu günki berýän wadalary-da şoňa meňzeýär.

Stasy Klosson Waşingtondaky “Woodrow Wilson” merkeziniň eksperti. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.