Terrorçy Birleşen Ştatlara hüjüme çagyrýar

Pakistan hem arap telekanallary Owganystanda Merkezi Aňtaw gullugynyň işgärleriniň janyna kast eden diýilýän iordaniýaly bombaçynyň wideo ýazgysyny görkezdiler.

Al-Jazira telekanaly Humam Halil Abu-Mulal al-Balawiniň pakistanly talyban lilderi Beýtulla Mesud üçin ar almagy wada berýän wideo ýazgysyny (klibini) görkezdi.

Pakistan telewideniýesi ol bombaçynyň talyban lideriniň ýerine geçen Hikmatulla Mesud bilen düşürilen wideo ýazgysyny görkezdi.