Şu gün Orsýetiň «Lukoýl» nebit kompaniýasy we bu kompaniýa bilen partnýorlykdaky Norwegiýanyň «Statoil ASA» atly kompaniýasy Yragyň iň uly nebit ýataklaryndan birini özleşdirmek barada gutarnykly ylalaşyga gol çekdi.
20 ýyllyk möhlet bilen baglaşylan bu ylalaşyga laýyklykda «Lukoýlyň» öňbaşçylygyndaky bu topar Yragyň günortasyndaky Günbatar Kurna nebit ýatagyny özleşdirmek boýunça iş alyp barar.
Bu nebit ýatagynda 12 milliard barrelden hem gowrak nebit resursy bar diýlip hasaplanylýar. Ol geçen aý Yrakda nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça yglan edilen tenderleriň arasynda iň ulusydyr.