ÝB ýewronyň hümmetini peseltmezlik üçin Gresiýa çagyryş etdi

Ýewropa Bileleşiginiň 27 döwletiniň maliýe ministrleri Brýusselde bolan duşuşykda ýewronyň hümmetini peseltmezlik üçin mümkin bolan ähli zady etmäge Gresiýany çagyrdylar.

Ministrler, hususan-da, býujetdäki ägirt uly ýetmezçiligi ýeňmek üçin şu ýyl döwlet çykdajylaryny azaltmagy grek hökümetine teklip etdiler.

2009-njy ýylda Gresiýanyň býujetindäki defisit jemi içerki önümiň 13 prosentine barabar boldy. Ýewrobileleşigiň bellän derejesi 3 prosent.

Gresiýanyň maliýe problemalary döredileli bäri geçen 11 ýylyň içinde ýewro puluna uly krizis howpuny abandyrýar.