Portugaliýanyň Maderiýa adasynda aşa ýagyş zerarly emele gelen sil we tupan boýunça ilaty halas ediş işleri dowam etdirilýär.
Şol wakada azyndan 42 adamyň heläk bolup, 120 adamyň ýaralananlygy habar berilýär.
Portugaliýaly resmiler wakada dereksiz ýiten adamlaryň bardygyny aýdyp, heläk bolanlaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini mälim etdiler.
Şenbe güni emele gelen aşa ýagyş zerarly Maderiýa adasynyň ýollary, köprüleri weýran bolup, ýaşaýyş jaýlaryna hem aşa zyýan ýetipdi.
Maderiýanyň regional hökümeti bu waka bilen bagly üç gün ýas yglan etdi. Portugaliýa halas ediş çäreleri bilen bagly bu ada ýardam iberdi.