Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň žurnalistleri Firuz Barotow we Şahlo Gulkhoja dagy türkmen-täjik gatnaşyklary barada Duşenbäniň raýatlarynyň pikirlerini sorady.
Olaryň gürrüňdeş bolan raýatlary Türkmenistanyň sebitdäki goňşusy Täjigistana berýän syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik kömeginden hoşaldyklaryny aýtdylar.
Şonuň ýaly-da olar Täjigistanda ýaşaýan 30 müň çemesi etnik türkmenler bilen dogan ýaly agzybirlikde ýaşaýandyklaryny we Türkmenistandan bilim ugrundan köpräk kömek edilmegini isleýändiklerini Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine aýtdylar.