Orsýetli milliarder "Independent" neşirini satyn aldy

Orsýetli öňki KGB-niň işgäri, häzir milliarder Aleksandr Lebedew Britaniýanyň “Independent” hem ýekşenbe güni çap edilýän “Sunday Independent” gazetlerini simwoliki 1 britan funt sterlingine satyn aldy.

Bu gazetiň öňki eýesi “Independed news & Media” kompaniýasy bu mesele bilen bagly ýaýaradan beýanatynda, iki gazetiň Aleksandr Lebedewe degişli “Independent Print Limited” kompaniýasyna satandygyny mälim etdi.

Bu gazetleriň maliýe kynçylygy çekip, 2009-njy ýyl boýunça deslapky maglumatlara görä, olaryň bergisiniň 42 million dollara golaý bolandygy habar berilýär.

Kremle tankydy garaýşy bilen tanalýan “Nowaýa Gazeta” neşiriniň Lebedew bilen Gorbaçowyň eýeçiligindedigi maglumatda aýdylýar.