Türkmenistanly student olimpiadada baýrakly orny eýeledi

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematika fakultetniň ikinji kurs studenti Pirmyrat Gurbanowyň matematika boýunça 5-nji halkara internet-olimpiadada baýrak aldy.

Ysraýylyň iki uniwersiteti tarapyndan gurnalýan olimpiada dünýäniň dürli ýurtlaryndan 4500 student gatnaşyp, şolaryň 104–si baýrakly orny eýeledi.

Türkmenistanly Pirmyrat Gurbanow hem şolaryň arasynda diýip, habar berilýär.