Aşgabatda iki günlük halkara seminary geçiriler

21-22-nji aprel günleri Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça BMG-niň regional merkezinde «Merkezi Aziýada durnuklylyk, howpsuzlyk: halkara we regional guramalar bilen özara gatnaşyklar» at bilen iki günlük seminar geçiriler.

Bu seminara regionyň döwletleriniň ählisinden, Belgiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Norwegiýadan, Orsýetden, Türkiýeden, Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan hem GDA, NATO, OBSE, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara we regional guramalardan hem wekiller gatnaşar.

Seminarda regional proseslere guramalaryň köptaraply tasiri hem ondaky rollary bilen bagly meselelere serediler.