Watandan aýrylmak

Watandan aýrylmak adamzat üçin iň bir aýylganç zat. Türkmenlerde «Ýaryndan aýrylan - ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan - ölinçä» diýen nakyl bar.
Her kim özi üçin owadan ýurtlara, rahat ýurtlara öz islegine görä gidip ýaşasa-da, ol iň soňunda öz Watanyna dolanyp gelýär. Sebäbi ýat ilde ýerläp bolanok. «Ýat iller - ýaman iller» diýýär türkmenler.

Näme üçin ýat il - ýaman il? Sebäbi ol ýerde saňa hiç kim düşünenok. Seniň goşgyňy-da, hekaýaňy-da, aýdymyňy-da, sazyňy-da, ylmy işiňi-de, gepleýän gepiňi-de ýat ile hut öz iliňe ýetirişiň ýaly ýetirip bolanok. Ol ýerde seniň däp-dessuryň ýok, olaryň däp-dessuryny bolsa sen öz däp-dessuryň mysaly ýüregiňe siňdirip bileňok.

Ýat ilde iýip-geýip ýaşap bolar, terjimäniň üsti bilen ruhy iýmit alyş-çalşygyny-da ýerine ýetirip bolar, birek-biregiň toý-ýasyna-da görnüp bolar, ýöne sen-ä olary ýüregiňe siňdirip bilmersiň, seni hem olar. Bir zat ýetmeýän ýaly bolup durandyr. Şol ýetmeýän zat - Watandyr hem-de töweregiňdäki - çagalykdan gözüňi açyp gören halkyňdyr, saňa düşünip duran ildeşleriňdir.

Ýat ilde seni hernäçe gowy görselerem, erkin ýaşasaň-da, gözüň alnynda mähriban Watan topragy, gapdalynda saňa düşünýän ildeşleriň bolmasa, sen özüňi ýalňyz duýarsyň, hatda ýanyňda maşgala agzalaryň, dogan-garyndaşlaryň bar hem bolsa, özüňi hossarsyz duýarsyň. Sebäbi ol ýerde seniň Watanyň hem halkyň ýok.

Watandan aýrylmagy her bir ynsan kyn görýär. Sebäbi Watandan aýrylmak -iň bir hasratly ýagdaý. Hernäçe gynançly bolsa-da, Watan aýralygy adamzadyň başyna aram-aram düşüp durýar.

Durmuşda bolup geçýän ýagşy-ýaman wakalar, uruş belasy, ýurtdaky syýasy ýagdaýlar islese-islemese ynsan çagalarynyň Watandan jyda düşmegine sebäp bolýar.

Daşary ýurtda türkmen kän

Sowet hökümeti türkmenleriň juda köpüsiniň Watandan aýrylyp, ýat illere göçüp gitmegine sebäp boldy. Ol hökümet bäş-on sany goýny bolany «baý» diýip, türmä basdy.Özüniň gurply ildeşini, dindar ildeşini, düşünjeli ildeşini öldürmedigi «Sowet hökümetiniň duşmany» diýip, ýurtdan kowdy. Öz önüp-ösen topragyny goranlary «halkyň duşmany» diýip atdy. Şeýle ýagdaýa çydamadyk halk gaçyp, ýat illere ýaşamaga gitdi, Watanyndan aglap-aglap, jyda düşdi. Türkmenleriň örän köpüsiniň daşary ýurtlarda ýaşap ýörenligi biziň bu sözlerimiziň güwäsidir.

Ýurt Garaşsyz bolsa-da, sowet hökümetiniň düzgünini dowam etdiren Nyýazowyň hökümetiniň jebir-sütemleriniň netijesinde-de ençeme ildeşlerimiz mähriban Watanlaryny terk edip, daşary ýurtlara gitmeli boldular.

Bir döwür geler (Ol döwür hökman geler!), Watan özünden jyda düşen perzentlerine giň gujagyny açar-da, olary ýene öz goýnuna alar. Her bir ýurtdaky syýasy ýagdaýlar mydama üýtgäp durýar. Ol syýasy ýagdaýlar bir gün halky Watandan jyda düşürýär, bir gün bolsa halky Watana dolaýar.

Halkyň göwnüne degmeli däl

Syýasy ýagdaýlar garamaýaga-da, belent kürsüdäki mertebeli kişilere-de parh goýanok. Bir ýagdaý garamaýagyň Watandan jyda düşmegine sebäp bolýar, başga bir ýagdaý belent kürsüdäki mertebeli kişileri Watanyndan aýyrýar.

Gyrgyzystanyň öňki prezidentleri Askar Akaýew, Kurmanbek Bakyýew dagy hem indi ýat illerde ýaşamaly boldular. Olaryň özleriniň-ä indi köpi ötüp, azy galandyr. Ýat ilde ýaşamak jebri olaryň hossarlarynyň, nesilleriniň başyna düşer. Hossarlary köp bolan ýolbaşçylara ýat ile gaçyp gidip ýaşamak has kyn bolýar. Olaryň haýsy birini ýat ilde ýerleşdirjek, olara göwün söýen işini tapyp berjek! Olaryň geljegi nähili boljak, belli däl.

Zalym ýolbaşçylar tarapyndan kowlan halka daşary ýurtlar hossar çykýar, ýöne halk tarapyndan kowlan zalym ýolbaşça çem gelen ýurduň gaçybatalga bermejegi görnüp dur. Sebäbi daşary ýurtlaryň köpüsi öz halkyny horlaýan ýolbaşçyny halanoklar.

Zalym ýolbaşçy tarapyndan kowlan halk ýurtda zalymlygyň soňuna çykylansoň, öz Watanyna dolanyp bilýär, ýöne halk tarapyndan kowulýan zalym ýolbaşçylar welin, hiç wagt Watanyna dolanyp bilýän däldir. Beýle ýagdaýlara taryhda mysal näçe diýseň bar.

Şeýle ýagdaýlar bolmaz ýaly, ýolbaşçy hiç wagt halkyň göwnüne degmeli däldir, halky özüne duşman edinmeli däldir, özem halka duşman bolmaly däldir.

Süleýman, sen mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul.


Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.