Şotlandiýanyň we Irlandiýanyň uçarlary ýene togtadyldy

Şu gün ýerli wagt bilen ir edide Şotlandiýanyň we Irlandiýanyň howa giňişlikleri uçuşlar üçin ýene-de ýapyldy.

Britaniýanyň graždan awiasiýa edarasynyň maglumatyna görä, Islandiýadaky wulkan ýene täzeden güýçlenip, onuň howa goýberýän küli ýene howply derejä ýetipdir.

Islandiýanyň günortasynda wulkanyň atylmasy indi üç hepde bäri dowam edýär.