Beýik Britaniýadaky saýlawlarda Konserwatorlar öňde barýar

Ses berip çykanlar bilen geçirilen pikir soralyşygyň netijelerine görä, Beýik Britaniýadaky parlament saýlawlarynda Konserwatiw partiýa ýeňiş gazanypdyr.

Konserwatorlar parlamentde 307 orun, leýboristler 255, liberal -demokratlar 59 mandat alar.

Häzirlikçe hökümet düzmek üçin Konserwatorlara 19 orun ýetmezçilik edýär.

Britaniýada häzir hökümet başyndaky Leýboristler partiýasy 13 ýyl bäri häkimiýeti dolandyrýar.