Anna güni Türkiýäniň parlamenti ýurduň Konstitusiýasyna täze üýtgetmeleri girizmek boýunça referendumyň geçirilmegini goldap, ses berdi.
Bu mesele sese goýlanda, ol deputatlaryň sähel agdyklyk edýän sesi bilen makullanyldy.
Türkiýäniň has dünýewi syýasatçylary ýurduň häzirki hökumetiniň inisiatiwasy bilen konstitusiýa girizilmekçi bolunýan üýtgetmelere garşy çykýarlar.
Olar häzirki göz öňünde tutulýan üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň konstitsiýa girizilen halatynda, munuň Sud sistemasyny gowşadyp, “Adalat we Galkynyş” partiýasy tarapyndan dolandyrylýan Türkiýäniň häzirki hökümetiniň ygtyýarlyklaryny has artdyrjakdygyny öňe sürýärler.