Owganystanda bolan partlamada 7 harby heläk boldy

Düýn Owganystanyň demirgazygynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde bu ýurduň polisiýa güýçleriniň 7 agzasynyň heläk bolup, olardan biriniň ýaralananlygy habar berilýär.

Bu wakany Owganystanyň Lagman welaýatynyň häkiminiň orunbasary Şems-ul-Rahman Şems hem tassyklady. Partlamanyň jogapkärçiligini Talyplar boýun aldylar.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Gunduz welaýatynda bolsa howpsuzlyk güýçleriniň merkezine hüjüm eden talyplardan üçüsiniň öldürilenligini owgan wekilleri habar berýärler.