Ýerli aeroportlar zerur

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara aeroporty

Mälim bolşy ýaly, 12-nji aprelde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara aeroporty açyldy. Bu aeroportyň açylyş dabarasyna ýurduň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşypdy.
«Türkmenbaşy şäherindäki bu howa menzili şunda hyzmat etmegiň halkara standartlaryny üpjün etmek bilen, bir wagtyň özünde ýedi reýsi kabul edip biler. Onuň uçuş-gonuş zolagy hakykatda uçarlaryň ähli kysymlaryna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Täze aerowokzal toplumynyň ýerleşýän umumy meýdany 80 gektara golaýdyr. Uçarlaryň howa hereketini dolandyrýan 13 gatdan ybarat, beýikligi 61 metr bolan merkezde Germaniýanyň hem Fransiýanyň dünýä meşhur kompaniýalarynyň ýörite enjamlary oturdyldy» diýlip, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatlarynda aýdylýar.

Binanyň ýokarky gatlaryna çykmak üçin eskalator işleýer. Gepiň keltesi, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara aeroport dünýäniň ösen döwletleriniň aeroportlary bilen bäsleşýär. Elbetde, bu aeroportuň gurulmagy üçin çykarylan puluň bäri-aňyrsy ýokdur. Çykdajy artykmaçrak edilse-de, ýurt üçin şeýle gerekli binalaryň gurulmagy gowy zat.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara aeroporty Türkmenistanda gurlan ikinji Halkara aeroportydyr. Şeýle Halkara aeroportlarynyň biri Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde gurlupdy.

Täze gurulýan aeroportlar hakykatdan-da ajaýyp. Bu aeroportlaryň ýanynda sowet döwründe gurlan aeroportlara syn edeniňde, Türkmenistanyň hakykatdan-da sowet döwründe äsgerilmändigine göz ýetirse bolýar. Köne aeroportlar häzir wagtlaýyn salnan bir hütdüge meňzäp ýatyr.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara aeroportynyň açylyp, türkmenleriň bu binanyň şanyna toý toýlaýan günlerinde Polşadan Orsýede barýan howa gämisi ýere gaçyp, Polşanyň prezidentiniň öz maşgalasy bilen aradan çykmagyna sebäp bolan pajygaly waka ýüz beripdi.

Sowet döwründe Türkmenbaşy şäherinde hem Orsýetde ýasalan samolýotlaryň ikisi ýere gaçyp, ençeme adamlar dünýe bilen hoşlaşypdylar, maýyp bolupdylar. Orsýet samolýotynyň partlamagy ýaly ýagdaý sowet döwründe Aşgabat aeroportunda hem bolupdy. Ol samolýotda diri galanlar bolmandy. Şonda belli türkmen hudožnigi Bäşim Nuralyýew hem wepat bolupdy.

Çalt ýetmek höwesi gorkudan üstün

Howa gämileri babatda ýüze çykýan şeýle betbagtçylyklary gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip dursalar-da, adamlaryň menzilleri howa gämilerine münüp külterlemek islegi köpelmese, azalanok. Öňler atly-eşekli, düýeli, pyýada ýol söken adam perzentleri indi otludyr maşynyň tizligine-de kanagat edenok. Olar hemme ýere tizden-tiz barmagy höwes edýärler. «Türkmenbaşy aeroportunda Moskwa barýan samolýotyň ýere gaçyp, iki bölek bolanyny görüp duran-da bolsalar, ýene şonuň ýaly samolýot bilen Moskwa ugrajak bolup duran ýolagçylaryň hiç birisi gorkyny ýada salman, samolýota münüp gitdiler» diýip, şol döwrüň gazetleri ýazypdylar.

Baryljak menzile çalt ýetmek höwesi gorkudan üstün çykýar. Sebäbi adamlar howlukmaçlara öwrüldiler. Biziň asyrymyzdaky tükeniksiz iş, alada, durmuş adamlary mydama ylgap ýörmäge, howlukmaga, tiz hereket etmäge mejbur edene meňzeýär.

Howlukmaly ýagdaýlar-da bar. Howlugylmanda-da howa gämisine mätäçlik çekilýän ýagdaýlar-da bar. Meselem, gyssagly toýa ýetişmeli ýagdaý bolýar, ýa-da ýasa barmaly ýagdaýlar bolýar, merhum jaýlaşmaga çalt barmaly ýagdaýlar bolýar. Şonda howa gämisiniň ýerini tutjak hiç bir zat ýok. Bir sapar Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherine gitmeli boldy. Balkanabada samolýot ýok, otly bilen gitmeli. Türkmenbaşy şäherine samolýotly baranyňda-da Balkanabada pyýadaja ýetäýmersiň, ýene Aşgabat bilen Balkanabatça aralygy geçmeli.

Biziň küpämiziň gapdalyndaky küpede bir garry daýzany alyp barýardylar. Onuň beýnisi operasiýa edilipdir. Ol birsyhly iňňildäp, töweregindäkilere ýalbaryp barýardy. «Maşiniste aýdyň, otlyny ýuwaş sürsün, kellämi sarsdyrýa» diýip, nalaýardy. Şunuň ýaly ýagdaýlarda samolýotlaryň belli bahasy ýok.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna syýahat etjek ýolagçylaryň sagatda 800 sanysyny geçirmäge ukyby bar» diýlip, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň Türkmenbaşy şäherinde açylan Halkara aeroporty baradaky maglumatlarda aýdylýar. Syýahatçylara hyzmat etmek, elbetde hormatly iş. Ýöne ýurduň garamaýak halkynyň aladasy hem ýatdan çykarylmaly däldir.

Diňe welaýat merkezlerine uçýar

Häzir Türkmenistanyň diňe welaýat merkezlerine samolýot uçýar. Iň bolman, her welaýatyň iki şäherine samolýot uçurmak gerek. Sebäbi welaýat merkezlerinden welaýatlaryň çet gyralarynda ýerleşýän etraplara barmak üçin adamlar itiň gününi görýärler.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde samolýotdan düşüp, Ýolöten, Guşgy, Tagtabazar etraplaryna barjak bolsa, adamlar örän horluk çekýärler. Sebäbi maşyn gymmat, otly bolsa eşek arabasy ýaly ýöreýär. Daşoguz welaýatynyň merkezi bolan Daşoguz şäherinde samolýotdan düşüp, onuň çet gyralaryndaky Ýylanly, Oktýabr raýonlaryna barjak adamlar hem gaty kösenýärler. Balkan welaýatynda hem şu kynçylyk, ýagny, aeroport diňe Türkmenbaşy şäherinde bar. Lebap welaýatynyň diňe Türkmenabat şäherinde aeroport bar. Bu welaýatyň Çarşaňňy, Hojambaz etraplaryna barýan otly hem ýatyryldy. Sowet döwründäki otly ýolunyň goňşy Özbegistanyň territoriýasyndan geçenligi sebäpli, indi ol etraplara otly barmaýar. Ol etraplaryň adamlary indi otly bilen Atamyrat şäherine baryp, derýadan geçip, itiň güni bilen öz etraplaryna gidýärler. Hojambaza, Çarşaňňa, Dänewe, Faraba barýan otlynyň Atamyrat (öňki Kerki) şäherine sowulmagy bilen, Atamyrat şäheriniň aeroporty ýapyldy. Şunlukda Hojambaz, Çarşaňňy etraplarynyň adamlary iki ölüden galan Süleýmana döndüler. Olar otludan-da aýryldylar, samolýotdan-da.

Toý, ýas, keselçilik ýüze çykanda, şeýle ýagdaýda adamlara nähili kyn düşýändigine häkimiýetler düşünäýseler gowy bolardy. Üstesine-de, gazanç üçin ýurduň ähli etraplarynyň adamlary iş gözlegine çykyp, ol şäherden bi şähere enteýärler. Otlular adamlardan şeýle bir hyryn-dykyn dolýar welin, misli, ol ýüki çekip bilmän, otlynyň wagonlary biri-birinden üzüläýermikä diýip, pikir edýärsiň. Kimi görseň, haýsydyr bir firma işlemäge barýar. Göwnüňe bolmasa, bütin Türkmenistan otluda gezip ýören ýaly. Bir wagtlar daşary ýurt kinolarynda gören wakalarymyz indi hut biziň gözlerimiziň öňünde, hut öz ýurdumyzda bolup geçýär.

Başyňa düşse, gazanç gözlegine-de çykman bolmaz. Sebäbi çaga eklemek aňsat däl, aýratyn-da halal ýol bilen. Ýöne adamlar ýetjek menziline arkaýyn hem çalt ýeterleri ýaly, içki aeroportlary hem gurmak gerek. Öz halkyňyň geregini hem öwrenmek gerek. Uly aeroportlar gurulmasa-da, iň bolman, günde ýeke samolýot düşer ýaly aeroporty gurmak gerek.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.