Oş şäherinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi

Düýn Gyrgyzstanyň wagtlaýyn hökümeti ýurduň günortasyndaky Oş şäherinde dörän bulagaýçylyklaryň yzy bilen, bu şäherde adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi.

Ýurduň häkimiýetleri düzgün-tertibi ýola goýmak üçin Oş şäherine harby toparlary we harby tehnikalary hem ýolladylar. Şeýle hem, Oş şäherinde agşam sagat 20:00 bilen ir sagat 6:00 aralygynda komendant sagady girizildi.

Bu wakalaryň öňýany Oş şäherinde ýaş adamlardan ybarat toparlaryň dükanlara, edara-kärhanlara hüjüm edip, binalaryň gapylaryny we penjilerini döwüp, maşynlary ýakyp, bulagaýçylyk döredendikleri barada maglumat alyndy.

Gyrgyzstanyň bu günorta regiony ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň arka direýän regiony hasaplanylýar.