Türkmen prezidenti Daşkentde hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Daşkentde Hytaýyň prezidenti Hýu Jintao bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak hakynda pikir alyşdy.

Prezident Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşkentde geçýän maslahatyna myhman hökmünde gatnaşýar.

Guramanyň bu gezekki mejlisi Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň başlyklygynda geçirilýär.