Türkiýedäki türkmen studentleriniň tomusky howa gatnawy arzan bolar

Prezidentiň gol çeken görkezmesi esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hökümetara we pudagara ylalaşyklar esasynda Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleri şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda Türkiýeden tomus kanikulyna Türkmenistana getirmegi hem awgust-sentýabr aýlarynda yzyna okuwa ugratmagy gurnar.

Şol dokumente laýyklykda Stambuldan Aşgabada hem yzyna getirip äkitmegi “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy amala aşyrar.

Studentler bilediň bahasynyň ýarsyny tölär.