ABŞ Doku Umarowy terroristleriň sanawyna goşdy

ABŞ çeçen separatisleriniň lideri Doku Umarowy terroristleriň sanawyna goşdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Kaliforniýadan Waşingtona gelmeziniň öň ýany ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Doku Umarowyň ABŞ-daky bank hasaplarynyň doňdurylandygyny, onuň bilen iş salyşjak ähli firmalara we adamlara amerikan sanksiýalar howpunynyň abanýandygyny yglan etdi.

Orsýetiň häkimiýetleri Umarowy köp sanly terroristik atklary, şol sanda şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň metrosynda bolan partlamalary gurnamakda aýyplaýar.