Bişkek ýurtdaky bulagaýçylyklarda Bakyýewleri aýyplaýar

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýolbaçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Keneşbek Duişenbaýew Gyrgyzystanyň günortasynda bolan çaknyşyklara ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň maşgala agzalarynyň dahylynyň bardygy hakdaky maglumatlaryň özlerinde bardygyny žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Duişenbaýewiň aýtmagyna görä, Bakyýewiň ogly Maksim şu ýylyň aprel aýynda Dubaýda Özbegistanyň yslamçy hereketiniň wekilleri bilen duşuşyp, gepleşik geçiripdir.

Maglumata görä, şu ýylyň maý aýynda Bakyýewleriň maşgalasyndan iki adam Owganystandaky talyp gozgalaňçylarynyň liderleri, Özbegistanyň yslamçy hereketiniň agzalary we Birleşen täjik oppozisiýasynyň wekilleri bilen duşuşypdyr.

Duişenbaýew Bakyýewleriň maşgalasynyň ýurtda bulagaýçylygy gurnamak maksady bilen 30 million dollara golaý serişde sarp edendiklerini habar berdi.

Keneşbek Duşenbaýew Özbegistanyň yslamçy hereketiniň 15 pitneçisiniň Pakistandan Täjigistanyň üsti bilen günorta Gyrgyzystana baryp, ilaty öjükdirmek bilen meşgullanandyklaryny, bu topara Ilhom atly gozgalaňçynyň ýolbaşçylyk edendigini aýtdy.

10-11-nji iýunda Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etnigara çaknyşyklarda ýüzlerçe adam öldürilip, müňlerçesi öýlerini terk etmäge mejbur bolupdy.