27-nji iýun—Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň güni
Her döwletiň syýasy ýolunda özüniň propagandistleri, tarypçylary, baýdakgöterijileri bolýar. Bu adamlary döwletiň özi öňe çykarýar. Şu ýagdaý aýratyn-da diktaturanyň höküm sürýän ýurtlarynda şeýle bolýar. Döwlet özüniň tarypçylaryna, propagandistlerine baýraklar, sylaglar berip durýar.
Döwlet syýasatyny topar bolup taryplaýançylaryň içinden bir kişini alyp, has ýokary galdyryp, ony gowy saýrar ýaly derejä ýetirmek endigi diktaturanyň edähedidir. Bu edähedi berjaý etmekde, ýagny «has gowy saýrak guş» hökmünde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow şahyr Sapar Öräýewi ulanypdy.
Şahyr Sapar Öräýew serdarynyň özüni «saýrak guş» saýlamagyna begenip, öz serdary hakda dünýede iň uzyn poemany ýazyp başlady. Ol poemany hatda «Dünýädäki iň uzyn poema» hökmünde Ginnesleriň rekordlar kitabyna-da salyp bolardy, elbetde, onuň ýuwan hem manysyz tarapyna göz ýumsaň. Poema 1993-nji ýylda başlanyp, ol 2006-njy ýylda prezident Nyýazowyň aradan çykmagy sebäpli, togtadyldy.
Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, ýurtda “Beýik Galkynyşlar” diýilýän döwür başlandy. Beýik Galkynyşlar hem Täze Özgertmeler döwri. Bu döwri taryplap, has gowy saýrap bermegi üçin döwrüň başynda şahyr Baýram Jütdiýew «saýrak guş» saýlandy. Onuň goşgularyny saklaman çap etmek hakdaky buýruk hemmelere ýetirildi. Birdenem, Baýram Jütdiýewiň owazy halanmadymy, äheňi halanmadymy, ony «saýrak guş» bolmakdan aýyrdylar. Hatda ony saýramakdan bütinleý mahrum etdiler. Indi ol gadagan «guşlaryň» hataryna zyňyldy.
Toparlaýyn tarypnama rugsat berse-de, Beýik Galkynyşlar hem Täze Özgertmeler zamanasy şahyr-ýazyjydan «saýrak guş» tutunmadan ýüz öwürdi. Galkynyşçylar öz nazarlaryny sungat işgärlerine tarap öwürdiler. Garrylyk düşeginde ýatanlary sungat älemine täzeden oklap, olaryň owazyny ulanmak ýola goýuldy.
Öňki SSSR-iň halk artistkasy, sungat äleminde, aýratyn-da opera sungatynda görnükli işleri bitiren Maýa Kulyýewa öňe çykaryldy. Ony opera aýdymçylaryna halypa edip goýdular, Türkmenistanyň Gahrymany diýen at berdiler, baýrak berdiler, öý berdiler…Garaz, syladylar.
Maýa Kulyýewa hakykatdan-da türkmenleriň zehinli hem söýgüli aktrisasy. Ol öz döwründe ajaýyp kino hem sahna rollaryny ýerine ýetirip, köpüň söýgüsine mynasyp bolan zenan. Türkmenler aktrisa hökmünde ony sylaýarlar hem hormatlaýarlar. Ýöne adam özüniň ýaşlykda gazanan şöhraty, hormaty bilen galan halatynda özüniň öňki hormatly ornunda bolup bilýän eken. Halkyň halamaýan ýerinde görünýän islendik şöhratly kişiniň-de sylagy synýan eken.
Türkmenbaşynyň döwründe hem-de onuň mirasdüşerleri bolan Galkynyşçylaryň döwründe sungat, şol sanda teatr, kino, saz sungaty-da ýere sokuldy. Talantly sungat işgärleri özleriniň söýgüli kärlerinden çetleşdirildi. Ýurtda kino asla düşürilmeýär. Kino diýlip düşürilýän filmler bolsa wideofilmler.
Teatrlar diňe aýlyk almak üçin güýmenilýän ýerlere öwrüldi. Halkyň gözüne görnüp duran bu nogsanlyklary bir ýana syryp, hamala Beýik Galkynyşlar zamanasynyň hökümeti sungat işgärlerine sarpa goýýar diýen kör abraýy dikeltmek üçin Galkynyşlar zamanasynyň hökümeti garrylyk düşeginde ýatan, 90 ýaşy arka atan Maýa Kulyýewany teatr sahnasyna getirip, ondan hoş sözleri eşitmek umydyna atlandy. Oňa hatda Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady-da dakdy.
Maýa daýza «saýrak guş» bolmak gelşenok
Dakylan at, berlen sylag-serpaýlar Maýa daýzamyza nesip etsin. Ýöne Gahryman diýen at ýöne-möne iş üçin berilmeýär. Ol ady almak üçin halkyň ykbalyna, dünýäniň ykbalyna täsir etjek işleri bitirmeli.
Zyýany ýok. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady bu gün biri jübüsine elini sokanda çykaryp bilýär. Ol ada ýetmek kä kişiler üçin aňsat boldy. Şol ady şeýle aňsat ýagdaýda almak Maýa daýzanyň-da maňlaýynda bardyr. Ol şol ady aldy, taň etdi. Ýöne indi bu ýerde başga bir zat bar: Maýa Kulyýewa özüniň öňki — halkyň arasynda hormat gazanan Maýa Kulyýewalygyna galmak islese, ol ýolbaşçylaryň ýanynda hakykaty aýtmagy başarmalydyr.
«Men geçjek ýolumy geçdim, görjegimi gördüm. Siz meni däl-de, sungaty galdyryň. Teatrlary, kinony galdyryň. Edebiýatyň, sungatyň ýoluna böwet bolup duran gara sanawy aýryň. Ýaş sungat işgärlerine, edebiýatçylara ýol açyň. Sungatsyz, edebiýatsyz döwletden döwlet bolmaz, kinosyz, teatrsyz ýurtdan ýurt bolmaz» diýen sözi ýetirmeli kişä ýetirip, sungatyň hem edebiýatyň galmagyna uly goşant goşup gitmelidir. Şeýtse, Maýa Kulyýewanyň halkyň arasyndaky abraýy ýene diklener, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at bolsa oňa halal bolar.
Maýa Kulyýewa ýolbaşçynyň tarypçysy bolmak däl-de, ýolbaşça hakykaty aýdyjy, ýolbaşça dogry ýoly salgy beriji bolmak gowy gelişýär. Maýa Kulyýewa «saýrak guş» bolýanlaryň roly gelşenok.
Maýa Kulyýewa sungatyň nädip ýere sokulanyny ozal gözleri bilen gördi ahyry! Nyýazowyň döwründe onuň özi-de gadagan edilenleriň arasyna düşdi. Ol ýurtdaky ýagdaýyň nähilidigine-de gowy düşünýär, ony nädip düzetmelisine-de düşünýär. Ol örän akylly aýal. Akylly aýaldygy üçin oňa bihepbelere meňzejek bolmak gelşenok.
Ömrüniň soňuna çenli dünýäniň iň gyzgyn hem pajygaly nokatlarynda bolup, adamlary parahatçylyga, gowulyga çagyryp gelen Tereza enäniň dünýäniň halklary üçin edip giden gowy işlerinden Maýa Kulyýewa-da bihabardyr öýdemzok.
Gowy adamlar gowy adamlara meňzejek bolmaly. Halk diňe gowy iş edýän kişileri sylaýar.
Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.