Gürjüstanda saýlawlar kanuny möhletde geçiriler

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili möhletinden öň saýlawlar geçirmek barada oppozisiýanyň talabyny heňe gelmejek iş diýip atlandyrdy.

“Ýurda saýlawlaryň öň ýanyndaky gowur däl-de, durnuklylyk gerek” diýip, Saakaşwili žurnalistlere aýtdy.

“Saýlawlar kanunda göz öňünde tutulan möhletlerde - parlament saýlawlary 2012-nji ýylda, prezident saýlawlary 2013-nji ýylda geçiriler” diýip, Gürjüstanyň prezidenti nygtady.

Saakaşwili döredilen ýörite komissiýasynyň täze Konstitusiýanyň proýektini işläp düzendigini, onda prezidentiň ygtyýarlyklarynyň çäklendirilýändigini, şol Konstitusiýany Gürjüstanyň häzirki parlamentiniň kabul edip biljekdigini aýtdy.