"MTS -Türkmenistan" alternatiw energiýa ulanýar

"MTS - Türkmenistan" kompaniýasy Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda iki ýerde - Köýten hem Gurşunmagdan posýoloklarynda dagyň jülgesinde iki sany alternatiw energiýa çeşmesini işe girizdi.

Belent ýerde el generatory hem gün batareýalary ornaşdyryldy. Bu toplum energiýa ugrundan doly özbaşdak bolup, ol diňe gün energiýasynyň hem ýeliň hasabyna elektrik toguny öndürer.

Türkmenistanyň uzak we barmasy kyn etraplarynda alternatiw energiýa ögdürýän enjamlary ornaşdyrmak mundan beýlägem dowam etdiriler diýlip habar berilýär.