Yrakdaky koalision hökümet düzmek gepleşikleri şowsuz

Duşenbe güni Yragyň ozalky premýer-ministri Iýýad Allawynyň «Irakiýa» partiýasy ýurduň häzirki premýer-ministri Nury al-Mälikiniň «Kanunçylyk döwleti» atly syýasy blogy bilen koalision hökümet düzmek baradaky gepleşiklerden ýüz öwürdi.

«Irakiýa» partiýasynyň metbugat sekretary Maýsun al-Damluji premýer-ministr Nury al-Mälikiniň telewideniýede eden çykyşynda «Irakiýa» partiýasyny «sünnüleriň partiýasy» diýip atlandyrmak bilen, bu partiýany kemsidendigini aýtdy.

Maýsun al-Damluji «Irakiýa» partiýasynyň sünni partiýasy däl-de, eýsem milli ideýalary goldanýan proýektdigini öňe sürdi. Şeýle hem, ol premýer-ministr Nury al-Mälikiniň diňe bir «Irakiýa» partiýasynyň öňünde däl, eýsem, bu partiýany goldaýjylaryň hemmesiniň öňünde ötünç soramalydygyny aýtdy.

Yragyň ozalky premýer-ministri Iýýad Allawynyň «Irakiýa» partiýasy şu ýylyň mart aýynda geçirilen saýlawlarda 325 orunlyk parlamentde 91 orny aldy. Premýer-ministr Nury al-Mälikiniň «Kanunçylyk döwleti» atly syýasy blogy bolsa, 89 orna eýe boldy.

Bu iki partiýanyň koalision hökümet düzmek ugrundaky gepleşikleri indi bäş aýdan gowrak wagt bäri oňyn netije bermän gelýär.