Yrakdaky hüjümde 40-a golaý adam heläk boldy

Yragyň harby resmileriniň beren maglumatlaryna görä, 17-nji awgustda Bagdatda harby çagyryş merkezinde bolan partlamada azyndan 39 adam heläk bolup, 57-si ýaralanypdyr.

Yragyň beýleki resmi wekilleri heläk bolanlaryň sanynyň 50 adama golaýdygyny, 100-den gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bu waka netijesinde keselhana düşen Saleh Azizi “Reuters” habar gullugyna beren interwýusynda öz başyndan geçirenleri barada şeýle gürrüň berdi: “Biz Al-Midan raýonynda nobata garaşýardyk. Harby ofiserler adymyzy sorap, bizi hasaba alýarkarlar parlama boldy”.

Bu terrorçylykly hüjüm Yrakda soňky birnäçe hepdäniň dowamynda amala aşyrylan iň ganly hüjüm hasaplanýar.