Orsýetiň Wolgograd oblastynda güýçli ýangyn boldy

Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd oblastynda dörän ýangyndan ölenleriň sany 8 adama ýetdi diýip, Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy habar berdi.

Soňky maglumata görä, 500-den gowrak jaý ýanypdyr. Müňe ýakyn adam öýsüz galypdyr.

Bu oblastyň 4 etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýangynyň uly ojaklary ýok edilse-de, käbir etrapda ilatly ýerlere ýangynyň ýaýramak howpy bar.

Wolgograd hem Saratow oblastlarynda dörän tebigy betbagtlyk barada prezident D. Medwedýew şeýle diýdi: “Şeýle betbagtlyk, umuman, adatça garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykýar. Soňra bolsa uzak wagta çekýär. Ine, häzir güýzde-de ýangyn möwjeýär. Düýn biziň iki oblastymyz ýangyndan zyýan çekdi. Adam pidalary boldy. Zaýaçylyk döredi. Elbetde, biz ýitirilen zyýanyň öwezini dikelderis”.

Ýangynyň sebäbi aşa gurak howa we güýçli harasatly ýel boldy.