Nýu Ýorkda alty döwletiň daşary işler ministrleri duşuşar

Şu gün Nýu Ýorkda alty dünýä döwletiniň daşary işler ministrleri Eýrana garşy girizilen soňky sanksiýanyň netijelerini maslahat ederler.

ABŞ-nyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň wekilleriniň Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejady Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere dolanmaga çagyrmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Filip Krouliniň sözlerine görä, Waşington öňküleri ýaly Tähran bilen konstruktiw gepleşiklere taýýar.