ABŞ Orsýetiň Eýrana garşy girizen gadagançylygyny öwdi

ABŞ Orsýetiň prezidentiniň Eýrana howa hüjümine garşy raketalary we beýleki ýaraglary satmagy gadagan etmegini hoşallyk bilen garşy aldy. Bu gadagançylygyň BMG-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň çaginde ýola goýlandygy habar berildi.

Ak Tamyň bu barada ýaýradan beýanatynda prezident Medwedewiň bu hereketi Orsýet bilen ABŞ-nyň “global howpsuzlygy meselesinde” ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini görkezýär diýlip bellenilýär.

Birnaçe ýyl mundan ozal Orsýet Eýrana S-300 kysymly raketa sistemasyny satmak barada ylalaşyga gol çekipdi. Emma ABŞ-nyň we Ysraýylyň garşy bolandygy sebäpli bu sistema Eýrana satylmady.

22-nji sentýabrda bu barada çykarylan karara laýyklykda, Eýrana Orsýetiň tanklarynyň, dikuçarlarynyň, gämileriniň we raketa sistemalarynyň satylmagy gadagan edilýär.

Eýran tarapy bu gadagançylygy ýazgaryp çykyş etdi.