ABŞ-nyň prezidenti gyrgyzystanly kärdeşi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etnigara çaknyşyklar bilen bagly zorluklaryň täze tolkunlarynyň öňüni almaga Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewany çagyrdy.

Düýn Obama BMG-niň Baş assambleýasynyň sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda Otunbaýewa bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Gyrgyzystanda bolan oňyn özgerişleri, hususan-da, garaşsyz habar serişdeleri üçin çäklendirmeleri aýyrmak boýunça çäreleri, täze Konstitusiýanyň proýektiniň taýýarlanmagyny, oktýabr aýyna bellenen partlament saýlawlaryny gutlady.

Şeýle-de Obamanyň gyrgyz hökümetini ýurduň günortasynda bolan köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň sebäbini derňemäge çagyrandygy amerikan prezidentiniň administrasiýasynyň maglumatynda bellenýär.

Gyrgyzystanyň günortasynda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan çaknyşyklarda ýüzlerçe adam heläk bolupdy.